Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: Yrakda ABŞ güýçleri köpeldiler


General Joseph Dunford
General Joseph Dunford

Pentagon ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yrakdaky amerikan goşunlarynyň sanyny artdyrmagy teklip eder diýip, döwletiň iň uly derejeli harby ofiseri 25-nji martda aýtdy.

"Bizde bir topar rekomendasiýa bar we, Yragyň howpsuzlyk güýçlerine berýän goldawymyzy ilerletmek üçin, biz olary gelýän hepdelerde prezident bilen maslahatlaşarys" diýip, general, ştab ýolbaşçylarynyň birleşdirilen komitetiniň başlygy Joseph Dunford aýtdy.

"[Goranmak sekretary Aşton Karter] we men, ikimiz-de gelýän hepdelerde Yrakdaky ABŞ güýçleriniň sanynyň ýokarlandyryljakdygyna ynanýarys, emma entek karar edilenok» diýip, Dunford aýtdy.

Karter prezidente teklipleriň beriljekdigini, olaryň içinde Yraga goşmaça esger, söweş missiýalaryna niýetlenen Apaçi dikuçarlaryny, ABŞ-nyň has kän ýörite operasiýa güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da Yrakdaky amerikan harby geňeşçilerini front liniýalaryna has golaýda ulanmagyň hem bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG