Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdadyň merkezinde bomba partlamasy boldy


Taýaran meýdançasy, Bagdad, 29-njy mart, 2016
Taýaran meýdançasy, Bagdad, 29-njy mart, 2016

Bagdatda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjümi zerarly üç adam wepat boldy we 20-den gowrak adam ýaralandy.

Polisiýa partlamanyň 29-njy martda Taýaran meýdançasynda işçileriň jemlenen ýeriniň golaýynda we täsirli şaýy ruhanysy Moktada al-Sadryň tarapdarlarynyň syýasy reformalary talap edip protest geçiren ýerinden bir kilometr uzaklykda bolandygyny habar berdi.

Hiç bir gurama hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady, emma şu ýyl Yrakda amala aşyrylan hüjümleriň ählisiniň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne alypdy.

Sünni söweşijileriň topary Yragyň demirgazyk we günbatar böleklerine gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG