Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamenei Eýranyň geljegi raketalara bagly diýdi


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hamenei
Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hamenei

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hamenei ýurdunyň geljegi üçin gepleşikleriň däl-de, raketalaryň has möhümdigini aýtdy.

Hamenei 30-njy martda resmi websaýtda çap edilen bu çykyşynda Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň ballistik raketalary ösdürmek boýunça tagallalaryna ýardam teklip etdi.

“Geljegiň raketalara däl-de, gepleşiklere baglydygyny aýdýanlar düşünjesiz ýa-da dönük” diýip Hamenei aýtdy.

Eýranyň ýakynda amala aşyran raketa synaglary ABŞ, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa tarapyndan berk tankyt edildi. Bu ýurtlar synaglary “durnuksyzlandyryjy we prowokatiw” diýip atlandyrdylar we raketalaryň “umuman ýadro ýaragyny götermäge ukyplydygyny” bellediler.

Eýran öz raketalarynyň ýadro ýaragyny götermek üçin niýetlenendigini ret edýär.

XS
SM
MD
LG