Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Serb milletçisi Şeşel aklandy


Woýislaw Şeşel, serb milletçi lideri
Woýislaw Şeşel, serb milletçi lideri

BMG-niň sudy serb milletçisi Woýislaw Şeşeli 1990-njy ýyllardaky Balkan uruşlary bilen baglylykda uruş jenaýatlarynda we adamzada garşy jenaýatda günäsiz tapdy.

31-nji martda Haagada, ozalky Ýugoslawiýa boýunça Halkara jenaýat sudunuň diňlenişiginde, başlyklyk ediji sudýa Jean-Claude Antonetti onuň «azat adamdygyny» yglan edende Şeşeliň özi bolmady.

Antonetti suduň aýyplanýanyň etdi diýilýän jenaýatlary boýunça şahsy jogapkärçilik çekmeýändigi barada karara gelendigini aýtdy.

Haagadaky sud 61 ýaşyndaky aýyplanýanyň suduň karary üçin Belgradda galmagyna rugsat berdi. Oňa 2014-nji ýylda, rak keselini bejertmegi üçin, wagtlaýyn gitmek rugsady berildi, emma ol suduň yzyna dolanmagy baradaky buýruklaryny ret edip, Serbiýada galdy. Şondan bäri ol serb syýasatyna goşulyp, ýygnanyşyklarda suduň kararlaryna garşy çykyş etdi.

Serbiýanyň ozalky prezidenti Slobodan Miloşowiçiň zamanynda premýer-ministriň orunbasary bolan Şeşel adamzada garşy üç jenaýatda, Horwatiýada, Bosniýada we Serbiýanyň Woýwodina welaýatynda etniki arassalaýyşa meçew berendigi üçin, uruş jenaýatçylygy boýunça alty jenaýatda aýyplandy.

Prokurorlar onuň bölünýän Ýugoslawiýa döwletinde etniki taýdan arassa «Uly Serbiýany» döretmek maksady bilen harby birleşikleri gurmaga kömek edendigini aýtdylar. Ol harby birleşikler onlarça müň musulmany we horwaty öýlerinden kowup çykardy.

«Şeşel öz meýletinçiler goşunyny aýaga galdyryp, olary öz zäherli ideýalary bilen ýaraglandyrdy we aýylganç jenaýatlary amala aşyrmaga iberdi» diýip, BMG-niň prokurory Kristin Dal (Christine Dahl) 2007-nji ýylda suda aýtdy.

"Ahyr netijede Şeşel «Uly Serbiýany» döredip bilmän, kiçiräk Serbiýa eýe boldy we dünýä etniki arassalaýyş diýen termini berdi» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeşel hyjuwly çykyşlary, horwatlary «gözlerini posly çemçe bilen köwläp öldürmegi» wada bermek ýaly gödek haýbatlary bilen tanalaýar.

Horwatiýanyň premýer-ministri Tihomir Oreskowiç suduň kararyny «utanç» diýip atlandyrdy we žurnalistlere Şeşeliň aklanmagy Haaga sudunyň we prokuraturanyň ýeňlişi boldy diýdi.

Şeşel sudda öz-özüne aklawçylyk edip, özüniň bigünädigini aýtdy. Ol suduň kararyny gutlady we twitterde «meniňçe, söweş soňlanana meňzeýär» diýip ýazdy.

Şeşel Newsweýek hepdeliginiň serb dilinde çykýan neşiriniň golaýdaky sanynda çap edilen söhbetdeşlikde özüne 25 ýyl türme tussaglygynyň berilmegine garaşýandygyny aýdypdy.

"Eger hökümet meni ekstradisiýa etse, men türme möhletimi tussaglykda geçirerin» diýip, ol aýtdy.

Saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyna garamazdan, Şeşel telewizion gepleşiklerde peýda boldy, il ortalaýyn ÝB, NATO baýdaklaryny otlady.

Şeşeliň aklanmagy öňki Ýugoslawiýa boýunça döredilen halkara sudunyň öňki bosniýaly serb lideri Radowan Karadžiçe 40 ýyl türme tussaglygy hökümini çykarmagynyň yz ýanyna gabat gelýär. Ol Bosniýada 1992-95-nji ýyllarda 100 müň çemesi adamy öldüren uruş mahalynda gyrgynçylyk etmekde we uruş jenaýatlarynda ýazgaryldy.

Bosniýanyň serb goşunlaryna komandirlik eden general Ratko Mladiç bolsa Haaga sudunda öz hökümine garaşýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG