Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German ministri täjk prezidenti bilen duşuşdy.


German ministri Frank-Walter Steinmeiýer Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen.
German ministri Frank-Walter Steinmeiýer Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýer paýtagt Duşenbede Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Häzir Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna hem başlyklyk edýän Steinmeiýer Täjigistana Gyrgyzystandan, 1-nji aprelde geldi.

Rahmonyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, iki lider täjik-german gatnaşyklary barada, şonuň ýaly-da ÝHHG-nyň işi we öz ýurtlarynyň bu guramadaky roly barada gepleşdi.

Steinmeiýer 31-nji martda gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen gepleşik geçirdi. Olar regional we halkara meseleler, şol sanda ÝHHG-nyň Gyrgyzystanda demokratik guramalary gurmakda oýnaýan roly barada maslahat etdiler.

Steinmeiýer Özbegistana hem sapar etdi we Merkezi Aziýany global durnuklylyga uly töwekgellikleri bolan strategik ähmiýetli region hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG