Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pekin gazak tussaglaryny Astana berdi


Gazak türmesi
Gazak türmesi

Pekin Hytaýda neşe gaçakçylygynda günäli tapylan iki sany gazak aýaly Gazagystana tabşyrdy.

Gazagystanyň Baş prokurory 1-nji aprelde gazak raýatlarynyň öz türme möhletlerini Gazagystanda geçirjekdigini aýtdy.

Hytaýda iş kesilenleriň atlary we olara berlen türme möhletleri aýdylmaýar. Gazak resmileri biraz öň 2015-nji ýylyň awgustyndan bäri Hytaýda dürli jenaýatlarda iş kesilen dokuz gazak raýatynyň, türme möhletlerini öz ýurtlarynda geçirmekleri üçin, Gazagystana geçirilendigini aýtdy.

Bu iki ýurt tussag edilen raýatlary öz ýurtlaryna bermek baradaky ylalaşyga 2011-nji ýylda gol çekdi, Gazagystan bu ylalaşygy 2013-nji ýylyň noýabrynda, Hytaý bolsa 2015-nji ýylyň iýulynda tassyklady.

XS
SM
MD
LG