Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml bilen bagly 'şübheli' şirketleriň üsti açyldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Derňeýji žurnalistlerden durýan bir halkara topar Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň iki milliard dollardan köp puly salgyt taýdan amatly ýurtlardaky gümürtik kompaniýalara geçirmek üçin giň gerimli pul geçiriş ulgamyndan peýdalanandygyny görkezýän dokumentleri paş etdi.

Bu maglumatlar 3-nji aprelde ile ýetirilen "Panama Kagyzlar" atly uly göwrümli hasabatyň bir bölegidir. Hasabatda dünýä liderleriniň we resmileriniň baýlygy, pul geçiriş sistemalary, köplenç bikanun gazanylan pullary hukuk goraýjy organlardan ýaşyrmaga mümkinçilik berýän gizlin hasaba alnan korporasiýalar hakda maglumat berilýär.

Bir wagtda dürli guramalar tarapyndan ençeme dilde çap edilen materiallar Islandiýanyň we Pakistanyň premýer-ministrleriniň kontrollygyndaky kompaniýalary, şeýle hem Azerbaýjanyň prezidentiniň we Saud Arabystanynyň patyşasynyň ogul-gyzlary bilen ilteşikli korporasiýalary hem öz içine alýar.

Materiallar

“Panama Kagyzlarynda” bu maglumatlaryň Panamada ýerleşýän "Mossak Fonseko" atly hukuk kompanýasyndan ele salnan millionlarça e-mailden we beýleki dokumentlerden toplanandygy aýdylýar.

Ilki Germaniýanyň "Züddeutsche Zeitung" gazetine gowşurylan materiallar soňra merkezi Waşingtonda ýerleşýän “Derňeýji žurnalistleriň halkara konsorsiumy” "ICIJ" bilen paýlaşyldy.

Daşary syzan materiallarda 210 müň korporasiýa bilen birlikde jemi 140 lideriň we syýasy resmileriň ady geçýär. Maglumatlar 40 ýyldan gowrak döwri öz içine alýar.

"ICIJ" tarapyndan düşündiriş hökmünde berlen goşmaça tekstde bellenmegine görä, çylşyrymly ofşor kompaniýalary we transaksiýalar, eger kanuna ygrarly adamlar ýa kompaniýalar tarapyndan ulanylan bolsa, onda kanuny hasaplanylypdyr.

Ýöne bu gümürtik korporasiýalaryň gurulmagyna gatnaşan banklar, hukuk kompaniýalary we beýlekiler bu işleriň bikanundygy, salgytdan gaçmak ýa korrupsiýa bilen ilteşiklidigi ýa ilteşikli däldigi hakda barlag geçirmändirler.

Baýlyk

Raportda bellenilişine görä, Putiniň köne dosty st.peterburgly bir kompozitoryň 100 million dollar baýlygy bar. Ady Sergeý Roldugin diýip berilýän bu adam Orsýetde telewideniýede berilýän bildirişler bazarynda ýolbaşçy roly oýanaýan bir kompaniýanyň paýlarynyň 12.5 prosentine eýe.

"Bank Rossiýa" hem kontrollyk edýän Putiniň dosty biznesmen Ýuriý Kowalçuk. Häzir ol bank bilen birlikde Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň Orsýet tarapyndan basylyp alynmagy netijesinde Amerikanyň girizen sanksiýalarynyň astynda.

Hasabatda aýdylyşyna görä, Kowalçuk bilen onuň banky Orsýetde döwletiň gözegçiligindäki bankdan bir milliard dollar howpsuzlandyrylmadyk kredit almak üçin Kiprde "Sandal Agajy" diýip tanalýan kompaniýadan peýdalanypdyr. Soňra hem bu pullar ýokary göterim bilen Orsýetde ulanylypdyr. Gazanylan peýdalaryň bir bölegi bolsa Şweýsar bankyndaky hasaplara gidipdir.

Ors parlamentiniň dört agzasynyň ady

Dokumentlerde ors hökümetiniň ýene ençeme ýokary derejeli resmileriniň ady bar. Mysal üçin, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskowyň aýaly, Ykdysady ösüş ministri Alekseý Ulýukaýewiň ogly, Moskwanyň şäher häkiminiň orunbasary Maksim Liksutow, içeri işler ministri Igor Zubowyň ogly.

Dokumentlerde Orsýetiň parlamentiniň hem dört agzasynyň ady geçýär.

Hasabatyň awtorlary Kremlden bu barada beýanat bermegini sorapdyrlar, ýöne bu ret edilipdir. Öten hepde Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow orsýetli žurnalistlere çet ýurtly reportýorlaryň Putini garalamak üçin käbir zatlary taýýarlaýandygyny aýdyp, ýörite "ICIJ" toparyny agzapdy.

Dokumentlerde göni ýa gytaklaýyn ady agzalýan beýleki döwlet baştutanlary Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew ýaly liderler.

XS
SM
MD
LG