Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: möwjeýän söweş gepleşiklere şübhe döredýär


Siriýaly saýlawçylar
Siriýaly saýlawçylar

Siriýanyň bäş ýyllyk raýat urşuny soňlamak ugrunda gepleşýänler Ženewada ýene bir tapgyr duşuşyk geçirmekçi bolýarlar, emma möwjeýän zorluk olaryň muny edip biljegine şübhe döredýär.

Aleppo welaýatynyň demirgazygynda barýan söweş 13-nji aprelde, hökümetçi güýçleriň Al-Eýse, «Al-Kaýdanyň» ýerli bölümi bolan «Al-Nusra front tarapyndan saklanýan şähere aýratyn basyş görkezmegi bilen tapawutlandy.

BMG-niň araçylyk etmegine geçirilýän gepleşikler geçiş hökümetini gurup, 270 müňden gowrak adamy öldüren, ýurduň ilatynyň ýarysyny ýaşaýan ýerinden bosduran konflikti soňlamagy maksat edinýär.

Şu aralykda Siriýanyň hökümet garamagyndaky ýerlerinde täze, 250 agzaly parlamenti saýlamak üçin saýlaw uçastoklary açyldy.

Damask bu saýlawyň kanunydygyny we Ženewa parahatçylyk gepleşiklerinden aýrybaşga bir zatdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG