Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SR: Media azatlygy ‘ýiti we howply’ derejede pese gaçdy


Dünýäde žurnalistleri gorap çykyş edýän topar Türkiýe, Polşa, Täjigistan we Müsür ýaly ýurtlarda hökümet tarapyndan edilýän çäklendirmeleriň artýandygyny nygtap, geçen ýylyň dowamynda dünýäde media azatlygynyň ýiti derejede pese gaçandygyny aýtdy.

20-nji aprelde ýaýradylan “Dünýäniň media azatlygy indeksi 2016” atly hasabatda “Serhetsiz Reportýrolar” (SR) topary dünýäniň ençeme ýurdunda informasiýa azatlygynyň “ýiti we howply” derejede pese gaçandygyny belleýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän topar “dini ideologiýalar”, şeýle-de “giň gerimli propagandalar” sebäpli garaşsyz medianyň hem howp astyndadygyny nygtaýar.

Hasabatda media azatlygy boýunça iň öňdäki orunlarda Finlandiýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Daniýa we Täze Zelandiýa ýerleşdirilipdir.

Hytaý, Siriýa, Türkmenistan, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa media azatlygynyň derejesi boýunça iň soňky orunlary eýeläpdir.

XS
SM
MD
LG