Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Sih syýasatçysy tussag edildi


Pakistanyň polisiýasy “sih” jemgyýetiniň resmisini öldürmäge gatnaşygy bolmakda güman edilýän alty adamy tussag etdi.

“Talyban” hereketi Sardar Suran Singhiň öz topary tarapyndan öldürilendigini öňe sürýär. Emma Pakistanyň häkimiýetleri muny ret edip, “sih” jemgyýetindäki bäsdeş syýasatçynyň Singhi öldürmegi üçin hakyna adam tutandygyny pikir edýärler.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Puhtunhwa welaýatynyň kiçi azlyklar boýunça welaýat maslahatçysy Singh 22-nji aprelde öýüne barýarka atylyp öldürildi.

Malakand etrap polisiýasynyň başlygy Azad Hanyň 25-nji aprelde beren maglumatyna görä, tussag edilen şübhelileriň arasynda sih syýasatçysy Baldew Kumar hem bar.

XS
SM
MD
LG