Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Meşhur teležurnalistiň iş rugsady ýatyryldy


Sawik Şuster
Sawik Şuster

Ukrainada meşhur telegepleşigi alyp baryjy 26-njy aprelde iş rugsadyndan mahrum edildi. Bu ýagdaý nägilelik döretdi we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkony media azatlygy boýunça öz borçlaryny gorap çykyş etmäge mejbur etdi.

Öň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda işlän 63 ýaşly kanadaly Sawik Şuster Kiýewi söz azatlygyny goramazlykda aýyplady.

“Belli bolşy ýaly bu hökümet hiç bir tankyda çydamaýar”, diýip Şuster öz satellit telekanalynda aýtdy.

Şuster açlyk yglan edendigini aýtdy we “meniň Ukrainada işlemek hukugym dikeldilýänçä” dowam etdirjek diýdi.

Ukrainanyň zähmet edarasy Şusteriň iş rugsadynyň ýatyrylmagyna onuň salgyt häkimiýetleriniň derňewi astyndadygy barada habar bermändiginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Şuster “Şuster Live” atly syýasy gepleşigini ençeme ýyllap alyp bardy. Ol öz işini rugsatsyz hem dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG