Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimow Orsýet owgan gepleşiklerine gatnaşmaly diýýär


Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow, Moskwa, 26-njy aprel, 2016.
Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow, Moskwa, 26-njy aprel, 2016.

Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow Owganystandaky parahatçylykly gepleşiklere Orsýetiň gatnaşmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de Karimow 26-njy aprelde Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany eden çykyşynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Owganystandaky harby we syýasy gapma-garşylyga goşulmaly däldigini belledi.

Karimow owgan hökümetiniň we “Talybanyň” arasynda parahatçylykly gepleşikleriň dikeldilmeginiň tutuş region üçin “ähmiýetini” nygtady.

Owganystan, Pakistan, Hytaý we ABŞ soňky aýlarda Kabulyň we “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri dikeltmäge synanyşyp gelýärler.

Karimow “Owganystandaky durnuksyzlygyň” regionyň beýleki ýurtlaryna hem ýuwaş-ýuwaşdan ýaýrap biljekdigini belledi.

Putin Orsýetiň we Özbegistanyň terrora garşy halkara koalisiýasynyň döredilmegini goldaýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG