Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Siriýa boýunça 'düşünişdik' diýdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir (ç), Ženewa, 2-nji maý, 2016
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir (ç), Ženewa, 2-nji maý, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň we “Yslam döwleti” toparyna garşy koalisiýa boýunça partnýorlaryň arasyndaky gepleşiklerde Siriýada, şol sanda Aleppoda ok atyşygyň bes edilmegini gazanmak meselesinde “bir-birine düşünişmek derejesine ýakynlaşylandygyny” 2-nji maýda aýtdy.

Emma Kerri Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir bilen Ženewada geçiren gepleşikleriniň başynda eden çykyşynda “henizem ençeme edilmeli işiň bardygyny” belledi.

Jubeir Aleppo şäherinde we onuň daşynda söweşleriň güýçlenmegini “ähli gumanitar kanunlaryň bozulmagy” hökmünde ýazgardy.

Ol soňky hepdede Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleriniň amala aşyran howa hüjümlerini ýazgardy. Hüjümlerde ýüzlerçe adam wepat boldy.

Orsýet Assadyň güýçlerini Aleppoda howa hüjümleri bes etmäge çagyrmajagyny aýtdy.

Moskwa ok atyşygy bes etmek barada halkara derejesinde gazanylan ylalaşyga goşulmadyk yslamçy söweşijileri nyşana alýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG