Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew halka ukrain krizisini ýatlatdy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.

Gazak hökümetiniň döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk ýerleriniň uly bölegini hususylaşdyrmak kararyna garşy bildirilýän protestleriň dowam etmegi netijesinde Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew adamlara ukrain krizisini ýatlatdy.

Ol Ukrainada syýasy, sosial we ykdysady başagaýlyklara salgylanyp, 1-nji maýda milli agzalalyk barada duýduryş berdi. Moskwa 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny basyp alansoň, Ukrainanyň Günbatara ýykgyn edýän hökümeti bilen ýurduň gündogaryndaky orsýetparaz separatistleriň arasynda uruş turdy.

Nazarbaýew ýurduň Milli birlik güni mynasybetli geçirilen baýramçylykda: "Öňki Sowet Soýuzynyň ikinji uly respublikasy bolan Ukrainanyň ykdysadyýeti bu gün Gazagystanyň ykdysadyýetiniň ýarpysy" diýdi.

"Sebäbi ol ýerde agzybirlik ýok, maksat düşünjesi ýok, meseleler çözülenok. Adamlar başga zatlar bilen meşgul - uruşmak, öldürmek we dawa-jenjel" diýip, Sowet Soýuzy çökeli bäri Gazagystanda höküm sürüp gelýän Nazarbaýew aýtdy.

Graždanlaryň pikiri soralmaly

Bu aralykda protestçiler 1-nji maýda Gyzylorda we Žanaözen şäherlerinde hökümetiň 1-nji iýuldan başlap jemgyýetçilik ýerlerini auksionda hususy eýelere satmak planyna garşy demonstrasiýa geçirdiler.

Bu wakany gören adamlar Gyzylordada birnäçe protestçiniň polisiýa tarapyndan tutulandygyny aýdýarlar. Birnäçe protestçi hem, ýerli resmilere öz närazylygyny bildirmekleri üçin, şäheriň bir teatryna çagyrylypdyr.

Nazarbaýew protestçilere Ukrainany ýatlatdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Aktiwistler Gyzylorda regionynyň başlygynyň orunbasary Serik Kožanyýazowa döwlet eýeçiligindäki ýerleriň nähili dolandyrylmalydygy hakda graždanlaryň pikiri soralmaly diýipdirler. Kožanyýazow hem hususylaşdyrmak plany kanuny taýdan dogry we zerur, sebäbi bu ýerleri dolandyrýanlar olara bolmalysy ýaly seredenokler diýip jogap beripdir.

Žanaözende bir şaýat Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna 1-nji maýda onlarça protestçiniň şäheriň merkezi meýdançasyna ýygnanyp, "ýer satylmaly däl" diýip, gygyryşandyklaryny aýtdy.

Özüni diňe Tilekteş diýip tanadan bu zenanyň aýtmagyna görä, şäheriň häkimi, prokurory we polisiýa ofiserleri gelip, protestçilere üýşmeleň bikanun diýipdirler.

Protestler

Žanaözen ozal ölümli protestlere şaýat bolan şäher. 2011-nji ýylyň dekabrynda, nebitçiler bir aýdan hem köp iş taşlaýyş geçireninden soň, protestlerde polisiýa azynda 16 adamy öldürip, ýüzden agdyk adamy ýaralady.

24-nji aprelden bäri Gazagystanyň birnäçe şäherinde ýüzlerçe adam ýerleriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest geçirýär. Adamlary has-da tolgundyran zat çet ýurtlulara-da bu ýerleri satyn almaga rugsat ediljekmiş diýen myş-myşlar.

Hökümet çet ýurtlulara diňe kärendesine beriljekdigini aýdyp, "ýerleri hususylaşdyrmak hakda galp maglumat ýaýratmak" jenaýat iş diýip, duýduryş berdi.

26-nji aprelde Nazarbaýew ýalňyş maglumat ýaýratmak bilen jemgyýetçilik düzgünini bozýan "prowokatorlaryň jezalandyryljakdygyny" aýtdy.

Ol göz öňünde tutulan planlary gorap, çet ýurtlulara ýerler 10-25 ýyldan az möhlet bilen kärendesine berler diýdi.

Öňki Sowet Soýuzynyň äklerinde uglewodorod eksportirlemekde Orsýetden soň ikinji orunda durýan Gazagystanda Nazarbaýew başgaça pikirlere kän ýol berenok.

Ýöne soňky ýyllarda nebitiň bahasynyň aşaklamagy ýurduň pulunyň hümmetini peseldip, Astanada we bu orta aziýa ýurdunyň ykdysady merkezi hem iň uly şäheri bolan Almatyda protestlere getirdi.

XS
SM
MD
LG