Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Bäş musulman dine dil ýetirmekde aýyplandy


Sikh dinçileri, Pakistan
Sikh dinçileri, Pakistan

Pakistanyň transport kompaniýasynyň bäş sany musulman işgäri dine dil ýetirmekde aýyplanyp, suda çekildi. Bu ýagdaýa sikh dinçisiniň olaryň jedeliň üstünde öz sellesini masgaralandygyny aýdyp, eden şikaýaty sebäp bolupdyr.

Mahindar Paul Singh 1-nji maýda Faisalabaddan Multana barýan awtobusda dörän ýakalaşykdan soň polisiýa ýüzlendi.

Singh öz sellesini işgärlerden biriniň alyp ýere zyňandygyny we munuň sikhlaryň dini däplerinde masgaralamaklyga deňelýändigini aýtdy.

Singh özüniň Pakistanyň raýatydygy sebäpli, hüjümçileriň-de musulman bolmadyklary Muhammet pygambere ýa-da Gurhana dil ýetirmek aýyplamasy esasynda jogapkärçilige çekýän kanuna görä suda çekilmegini talap etdi.

Pakistanyň häkimiýetleri bu talap bilen razylaşyp, 3-nji maýda sud işini gozgadylar.

Dine dil ýetirmeklik Pakistanda ölüm jezasyny göz öňünde tutýar we örän ynjyk mesele bolup durýar.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Pakistanyň dine dil ýetirmek baradaky kanuny ýazgarýarlar we onuň köplenç şahsy ar almak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG