Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistanyň daşary işler ministrine Tähran bilen Aşgabadyň beýleki ýurtlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy regional durnuklylygy güýçlendirer diýdi.
Eýranyň «Mehr» habar gullugynyň ýazmagyna görä, Rohani şenbe güni agşam Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowy kabul etdi.
Meredow Tährana eýran resmileri bilen özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşmaga geldi diýip, habarda aýdylýar.
Eýranyň prezidenti Tähran bilen Aşgabadyň geçmişde gowy işleşendigini belläp, iki döwletiň hem gatnaşyklary we regional hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmalydygyny belledi.
Şeýle-de ol, deňziň mümkinçilikleriniň beýleki kenarýaka döwletler bilen arassa we adalatly ulanylmagy üçin, «Kaspi deňzini düzgüne salmaga» çagyrdy.
«Demirýol Türkmenistan bilen Eýrany Merkezi Aziýanyň we günorta Aziýanyň has alys ýurtlary bilen baglanyşdyrmakda strategik ähmiýete eýe bolar, biz indi Pars aýlagy bilen günorta suwlarynyň, Merkezi Aziýanyň we hatda günorta Aziýanyň arasyndaky derweze sakçylary» diýip, Rohani nygtapdyr.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!