Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa gelýän migrantlaryň sany azaldy


Germaniýa gelen siriýaly bosgunlar. 4-nji aprel, 2016 ý.
Germaniýa gelen siriýaly bosgunlar. 4-nji aprel, 2016 ý.

Germaniýada geçen ýyl ýurda gelen migrantlar hasaba alynýan mahaly, Berlin gaçybatalga soraýanlaryň aglaba böleginiň ünsüni özüne çekmegi dowam etdirýär. Emma muňa garamazdan, Germaniýa täze baran migrantlaryň sany öňküsinden ep-esli az.

Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň 9-njy maýda beren maglumatyna görä, şu ýylyň aprel aýynda gaçybatalga soraýan 60,943 adam hasaba alnypdyr. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 125%-e golaý ýokarydyr, emma şu ýylyň mart aýyndakydan bolsa diňe 1,6% köpdür.

Geçen ýyl Germaniýa 1,1 million çemesi migrant geldi. Olaryň resmi taýdan gaçybatalga soramagy üçin birnäçe aý wagt gerek bolýar.

Germaniýa täze gelen migrantlaryň aglabasy siriýalylardan, owganystanlylardan we yraklylardan ybaratdyr.

XS
SM
MD
LG