Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: ‘YD’-nyň baýdagyny galgadan iki raýata ýyl kesildi


Duşenbäniň sud edarasy.
Duşenbäniň sud edarasy.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede iki ýaş adam jemgyýetçilik ýerinde “Yslam döwleti” atly toparyň baýdagyny galgatmakda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi.

19-njy maýda Duşenbäniň sudy 21 ýaşyndaky Dawron Kurbonowy we 17 ýaşyndaky Kudrat Nasruloýewi köpçülikde ekstremist işleri amala aşyrmaga çagyrmakda günäli tapdy we olaryň birini dört, beýlekisini alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Gürrüňi edilýän iki täjik raýaty, geçen ýylyň noýabr aýynda Duşenbedäki köpriniň aşagynda “Yslam döwleti” atly toparyň uly baýdagy peýda bolandan soň tussag edilipdi.

Kurbonowyň dogan-garyndaşlary suduň çykaran hökümini şikaýat etjekdigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG