Müsüriň harby güýçleri "Müsür howaýollarynyň" ýitirim bolan ýolagçy uçarynyň, 804-nji reýsiň bölekleriniň Ortaýer deňzinden tapylandygyny aýdýar.
Goşunyň sözçüsi feýsbukda müsür uçarlarynyň we harby gämileriniň Aleksandriýanyň 290 kilometr çemesi demirgazygyndan "Airbus A320" uçarynyň böleklerini we ýolagçylaryň «şahsy goşlaryny «tapandyklaryny aýtdy.
Müsüriň «Nile» telewideniýesi anna güni bu habary halka ýetirip, gözleg işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
19-njy maýda Parižden Kaire barýarka, Ortaýer deňziniň ýokarsynda radar gözegçiliginden ýitirim bolan uçary tapmak üçin giň gözleg-agtaryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň bortunda 66 adam bardy.
Müsüriň awiasiýa ministri Şarif Fathi 19-njy maýda Kairde guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, aragatnaşyk ýitrilen wagty uçaryň Müsüriň howa giňişligine girendigini aýtdy:
"Biziň şu wagta çenli grek tarapy bilen bilelikde anyklap bilen zadymyz, ol müsür kenarlaryndan 280 kilometr uzaklykdady.”
Müsür bu hadysanyň terrorçy hüjümi bilen baglanyşyklybolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Müsürli resmiler başda Gresiýanyň harby güýçleriniň Krete grek adasyndan 804-nji reýsiň böleklerini tapandygy barada eden beýanatyny yzyna aldy, ýagny ol tapylan «bölekler biziň uçarymyza degişli däl» diýdi.
Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Marc Ayrault 20-nji maýda bu uçar hadysasynyň sebäbini görkezýän "hiç bir alamat ýok" diýdi.
Anyk zat aýdardan ir
Ak tamyň resmileri entek bu betbagtçylyga sebäp bolan zady kesgitlerden gaty irdigini bellediler.
Emma müsür resmileriniň käbiri munuň terrorçy hüjümi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi. Şusebäpden, uçaryň bortunda haýsam bolsa bir ekstremist bar bolaýmasyn diýen sorag bilen,ýolagçylaryň sanawybarlanylýar.
Fransiýanyň prezidenti Frasua Olland biraz öň uçar hadysasynyň sebäbi baradaky çaklamalaryň hiç biriniň inkär edilmeýändigini, ýa-da olara aýratyn gol ýapylmaýandygyny aýtdy.
Ýolagçy uçarynyň üstünde 56 ýolagçy, 10 sany ekipaž agzasy bardy we ol Ortaýer deňziniň ýokarsynda gözegçilik radaryndan ýitirim bolanda 11 300 metr belentlikden uçup barýardy.
Grek awiasiýasynyň resmileri öz howa-ýol gözegçileriniň ýitirim bolan uçaryň piloty bilen birnäçe minut ozal gürleşendiklerini, şonda hemme zadyň kadaly bolup görnendigini aýtdylar.
Emma Gresiýanyň goranmak ministri Panos Kammenos biraz soň ol uçaryň 90 dereje çepe öwrülendigini, soňra bolsa 360 dereje saga aýlanandygyny we radar signaly ýitirilmezinden öň 7 müň metre golaý aşaklandygyny aýtdy.
Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.