Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran Eýranda maýa ýatyrylmagyna anyk itergä çagyrýar


Tähran, Jawad Zarif, 21-nji maý, 2016.
Tähran, Jawad Zarif, 21-nji maý, 2016.

Eýranyň daşary işler ministri 21-nji maýda Birleşen Ştatlaryň maýadarlary Eýranda maýa ýatyrmaga hyjuwlandyrmagyna çagyrdy.

Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif günbatar ýurtlary özleriniň Eýran bilen kanuny biznesi goldaýandyklaryny aýdanlaryndan bir gün soň Tähranda guralan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Ol Eýranda maýa ýatyrylmagyny höweslendirmek üçin Birleşen Ştatlaryň has çynlakaý we anyk hereketleri etmegi zerur diýdi.

«Duşmançylykly amerikan syýasatlary we sanksiýalary sebäpli, geçen onýyllykda Eýran bilen beýleki ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk edilmegine garşy päsgelçilik döredildi» diýip, ol aýtdy.

2015-nji ýylda Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda gol çekilen ýadro ylalaşygy we bu ylalaşygyň ýanwarda durmuşa geçirilmegi netijesindeTährana garşy girizilen halkara sanksiýalary ýatyryldy.

Emma ABŞ, Tähranyň hamala Ýakyn Gündogardaky ýaragly toparlary goldaýandygy, ballistik raketa programmasy üçin, beýleki sanksiýalary saklap galdy.

XS
SM
MD
LG