Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HMF Moldowanyň bank sistemasyna üns berer


Halkara maliýe fondunyň delegasiýasy bilen gepleşik, Kişinýow
Halkara maliýe fondunyň delegasiýasy bilen gepleşik, Kişinýow

Halkara maliýe fondy (HMF) Moldowanyň banklaryndan bir milliard dollardan gowrak puluň ýitirim bolmagynyň yzýany Kişinýowyň karz soramagy bilen baglylykda Moldowanyň maliýe sistemasyna üns berer.

23-nji maýda HMF-nyň Moldowa boýunça missiýasynyň başlygy Iwanna Wladkowa-Hollar öz saparynyň Moldowanyň iňňän uly mätäçlik çekýän karz puluna eýe bolmagy ugrundaky gepleşiklerde ilkinji ädimdigini aýtdy. Ol Moldowanyň banklarynyň kadalaşdyrylan sistemanyň çäginde daşardan goşulyşmazdan işlemelidigini belledi.

Wladkowa-Hollar premýer-ministr Pawel Filip bilen duşuşdy. Filip öz hökümetiniň HMF-nyň talaplaryny berjaý etmek üçin maliýe, bank we adalat sistemalarynda reformalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

HMF geçen ýylyň sentýabrynda Moldowany terk edipdi. Bu ädim Moldowanyň merkezi bankynyň ýolbaşçysynyň puluň ýitirim bolmagy bilen bagly ýurtda bir hepdeläp dowam eden protestleriň netijesinde wezipesinden çekilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi.

Halkara maliýe fondunyň wekili Moldowa edýän häzirki saparynyň dowamynda ýurduň Milli bankynyň, Maliýe bazarlar boýunça milli komissiýasynyň we Maliýe ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG