Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly günleri nähili bellendi?


Eýran türkmenleri Magtymguly günlerini belleýärler.
Eýran türkmenleri Magtymguly günlerini belleýärler.

Magtymguly günleri dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda milli baýram hökmünde bellenilýär. Şol dabaralarda türkmeniň milli şahyry ýatlanylýar we onuň görelde şahsyýeti şöhlelendirilýär.

Eýsem, Magtymgulynyň günleri haýsy ýurtda nähili bellendi? Şol çäreler biri-birinden nähili tapawutlandy? Dünýä türkmenleri Magtymguly barasynda nähili göreldelik işler edýärler we geljekde nähili planlary bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Magtymgula we ony ýatlama çärelerine döwrüň şertleriniň ýetirýän täsirlerine gönükdirýär.

Sizi hem bu temadan gepleşigimize gatnaşmaga çagyrýarys. Programmamyza gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org elektronik hat salgylarynyň üsti bilen habarlaşyp bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG