Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebitiň bahasy gymmatlaýar


Gazak nebitçileri
Gazak nebitçileri

Çig nebitiň bahasy şu ýyl ilkinji gezek 26-njy maýda, Aziýa tijaratynda barreli 50 dollardan geçip, Orsýetden Gazagystana, Eýrandan Yraga çenli, nebit öndürýän ýurtlaryň ykdysadyýetine goltgy berdi.

Demirgazyk deňziniň Brent nebit nyrhlaryna görä,ýyl başynda her barrel nebitiň bahasy 27 dollardy. Orsýet we nebit öndürýän beýleki esasy ýurtlar şu ýyl nebit önümçiligini doňdurmak barada ylalaşyga gelen hem bolsa, Eýran OPEK ýurtlarynyň talabyndan boýun gaçyrdy.

Ýagny Tähran nebit öndürmegiň derejesini halkara sanksiýalaryna çenli bolan möçbere, günde 4 million barrele ýetirmekçidigini aýtdy.

Analitikler nebit nyrhlarynyň garaşylmadyk ýerden gymmatlap başlamagyny amerikan dollarynyň güýçlenmegi, iki sany esasy nebit öndüriji ýurtdaky hadysalar, Kanadadaky tokaý ýangynlary we Nigeriýadaky gozgalaň bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG