Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan "aýal urmak" teklibine gaharlanýar


Kislota hüjüminiň pidasy
Kislota hüjüminiň pidasy

Yslamçy guramanyň erkekleriň aýallaryny «ýeňilräk urmagyna» rugsat berilmegi barada eden teklibi 27-nji maýda Pakistanda gahar bilen garşy alyndy.

Bu pikir Yslam ideologiýasy geňeşiniň 26-njy maýda, Panjap welaýatynda fewral aýynda aýallara has kän hukuk we gorag berýän alternatiw kanunyň öňe sürülmegi bilen bagly çap eden kanun taslamasyna girizildi.

Yslamçy taslamada şeýle diýilýär: "Eger diýenlerini etmese we onuň isleg-talabyna görä geýinmese, jynsy gatnaşyk bardaky talabyny haýsam bolsa bir dini esassyz ret etse, ýa-da jynsy gatnaşykdan we aýbaşysy geleninden soň ýuwunmasa, adamsynyň öz aýalyny ýeňilräk urmagyna rugsat berilmeli”.

Ýurduň iň uly we täsirli gazeti, iňlis dilinde çykýan «Dawn» gazeti bu barada satiriki makala we erkekleriň öz aýallaryndan başga-da urup biljek zatlarynyň – şol sanda ýumurtganyň, tomat çüýşesiniň... sanawyny çap etdi.

Bu makala Pakistanyň konserwatiw yslamçy häkimiýetleriniň öňe sürýän meseleleri barada çap edilen metbugat satirasynyň juda seýrek duşýan mysalydyr.

Bu kanun taslamasy Pakistanyň Adam hukuklary komissiýasy tarapyndan hem «gülkünç» bir zat hökmündetankyt edildi we bu geňeşiň reforma edilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna çagyryldy.

"Akyly ýerindäki adamyň Pakistanda aýallaryň garşysyna edilýän zorluga çagyrylmagyny mundan aňryk hem hyjuwlandyrmak ýa-da beýle ýagdaýy aklamak barada pikir etmegine düşünmek kyn» diýip, topar aýtdy.

Aýallar Pakistanda, ar-namys sebäpli adam öldürilmeginiň we kislota hüjümleriniň adaty zat bolan ýurdunda, öz esasy hukuklary ugrunda onlarça ýyllap göreş alyp bardy.

Aýallary urmaga rugsat berilmegi baradaky teklibe internetde bildirilen reaksiýa has-da ýiti we gödeňsi boldy.

"Bu gurama, belki-de, kislota bilen dargadylmalydyr» diýip, twitter ulanyjylaryň biri ýazdy.

Yslamçy geňeş Panjabyň aýallaryň goragy baradaky kanunyny üýtgetmek isleýär. Panjap kanunynda aýallara garşy edilýän içerki zorlugy azaltmak maksady yzarlanýar. Onda aýallara garşy edilýän islendik jenaýat, şol sanda dilden, emosional kemsitme, yzarlama we kiber jenaýatlary hem «zorluk» hökmünde kesgitlenilýär.

Bu kanun aýallary mugtuna kömek berilýän telefon liniýasy bilen üpjün edýär, zorluga sezewar bolan aýallaryň ýaşajak ýerlerini, penahanalaryny döredýär.Şeýle-de ol kanun, sudlaryň düzgüni bozan adamlaryň gözegçilikde saklanmagy üçin, olaryň hereketlerini gözegçilige alýan enjam dakylmagyny buýurmagyna rugsat berýär.

1962-nji ýylda döredilen Yslam ideologiýasy geňeşiparlamente kanunlaryň şerigata näderejede gabat gelýändigi barada maslahat-geňeş berýär we bu gurama Panjap kanunyna garşy ozal hem çykyş edipdi.

Bu geňeşiň rekomendasiýa-maslahatlary hökmany däl, ýöne ol ozalhem käbir kanunlara, aýdaly, aýal zorlanan ýagdaýynda DNA subutnamasynyň ulanylmazlygyny maslahat berende giň tankyda sezewar bolupdy.

Geňeşiň başlygy Maulana Muhammad Han Şerani 27-nji maýdaky tankytdan soň, öz guramasynyň aýallaryň zorlukdan goralmagyny isleýändigini aýdyp aýak depdi we erkegiň meýil-isleglerine yrmakda beýleki tagallalar ýol almasa, aýaly «ýeňilräk urmagyň» soňky çäre hökmünde ulanylyp biljekdigine ynanýandygyny nygtady.

"Ýeňil-elpaý urmak zorlugy aňlatmaýar” diýip, ol Yslamabatda bolan metbugat brifiňinde aýtdy we munuň biriniň öz aýalyny elýaglyk bilen ýa-da gök ýa yz galmajak ýagdaýda çalarak urmagyny aňladýandygyny belledi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG