Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: 'Talybanyň' hüjüminde 10 adam wepat boldy


Ghazni şäheriniň sudy, 1-nji iýun, 2016.
Ghazni şäheriniň sudy, 1-nji iýun, 2016.

“Talybanyň” söweşijileri gündogar owgan welaýatynyň suduna hüjüm edip, polisiýa bilen çaknyşygynda 10 adamyň, şol sanda bäş parahat ýaşaýjynyň we bir polisiýa wekiliniň ölümine sebäp boldular.

Içeri işler ministrligi 1-nji iýunda Ghazni şäherinde bolan hüjümi “bäş terrorçynyň” amala aşyrandygyny aýtdy.

Welaýat häkiminiň metbugat-wekili başda öz janyndan geçen hüjümçiniň suduň girelgesinde özüni partladandygyny, yzýany üç hüjümçiniň bina girendigini habar berdi.

Içeri işler ministrligi dörän ok atyşygynda hüjümçileriň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigini aýtdy.

AP agentligine görä, hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” guramasy öz üstüne alypdyr.

XS
SM
MD
LG