Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktobe: Polisiýa bäş ýaragly adamy atyp öldürdi


Aktobe
Aktobe

Gazagystanyň häkimiýetleri geçen gije Aktobe şäherinde harby bölüme we iki ýarag dükanyna edilen heläkçilikli hüjümden soň polisiýanyň bäşden gowrak ýaragly adamy atyp öldürendigini we iki adamy tussag edendigini habar berdi.

Içeri işler ministrligi 6-njy iýulda ýaýradan maglumatynda jemi 18 adamyň wepat bolandygyny we onlarça adam ýaralanandygyny habar berdi.

“Aktobedäki ýagdaý durnukly, söwda we jemgyýetçilik transport kadaly işleýär” diýip Içeri işler ministrligi 6-njy iýunda öz beýannamasynda habar berdi. Mundan bir gün öň häkimiýetler yslamçy söweşijiler bolmakda güman edilýänleriň amala aşyran hüjüminiň “terrora garşy operasiýanyň” geçirilmegine sebäp bolandygyny aýtdylar.

6-njy iýunda ýerli media maglumatlarynda aýdylyşyna görä, Aktobe, Almaty, Atyrau şäherlerinde we paýtagt Astanada ýarag satýan dükanlar ýapyklygyna galýar we howpsuzlyk işgärleriniň gözegçiliginde saklanýar.

Hüjümiň sebäpleri mälim edilmedi.

Gazagystanyň Orsýet bilen serhedinden 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän senagat şäheri bolan Aktobede 2011-nji ýylda ýurduň taryhynda ilkinji gezek janyndan geçen hüjümçini özüni partlatdy.

XS
SM
MD
LG