Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy aktiwistleriň prezidente garşy işine seredýär


Tolekan Ismailowa
Tolekan Ismailowa

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň sudy 8-nji iýunda adam hukuklaryny goraýjy abraýly aktiwistleriň prezident Almazbek Atambaýewe garşy gozgan işine seredýär.

Tolekan Ismaýilowa we Aziza Abdyrasulowa Almazbek Atambaýewiň maý aýynda özlerini “sabotažçy” diýip atlandyrmagy üçin köpçüligiň öňünde ötünç soramagyny we iki million som, ýagny 29 müň 300 amerikan dollary möçberde pul tölemegini isleýärler.

Ismaýilowanyň “Bir dünýä-Gyrgyzystan” atly topary we Abdyrasulowanyň “Kylym Şamy” atly topary gyrgyz häkimiýetlerini 2010-njy ýylda ýurduň günortasynda etnik özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda bolan çaknyşyklara degişli ençeme jenaýat işini derňemekden ýüz öwürmegini tankyt edipdiler.

XS
SM
MD
LG