Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2016 hasabaty: Ýakyn Gündogarda zorluk güýçlendi


Sirialy bosgun çagalar, Türkiýe bilen serhediň golaýyndaky "Bab Al-Salama" lageri
Sirialy bosgun çagalar, Türkiýe bilen serhediň golaýyndaky "Bab Al-Salama" lageri

Täze barlaglara görä, geçen ýylda dünýäniň beýleki böleklerine garanda Ýakyn Gündogarda zorluk has artypdyr.

“Terrorizm, şeýle-de konfliktli söweşlerdäki adam heläkçiligi 25 ýyl boýunça ýokary derejede, bosgunlaryň we öýlerinden göçürilen adamlaryň sany 60 ýyllap görlüp-eşidilmedik derejede” diýlip Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň 8-nji iýunda çap eden “Global Peace Indeks” atly hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda zorluklaryň ykdysady taýdan ýetiren zyýanynyň 2015-nji ýylda 13.6 trillion dollara, ýagny dünýäniň umumy içerki önümçiliginiň 13.3% barabar bolupdyr.

Iň durnuksyz ýurduň Siriýadygy aýdylýar, onuň yzyndan Günorta Sudan, Yrak, Owganystan we Somali barýar.

Hasabatda jenaýatçylyk bilen bagly zorluklary we ýurduň harbylaşdyrylmagynyň derejesini öz içine alýan 23 sany görkezijä esaslanylýar.

XS
SM
MD
LG