Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud eýran emläklerini pidalara bermegi buýurdy


Montereally Homa Hoodfar
Montereally Homa Hoodfar

Kanadanyň sudy Eýranyň emläkleriniň Tähran tarapyndan howandarlyk edilen «Namaz», «Hizbulla» toparlarynyň hüjümleriniň pidalaryna berilmegi barada karar çykardy.

10-njy iýundaky karar terror hüjümleriniň pidasy bolanlaryň Birleşen Ştatlardaky maşgalalarynyň ýyl başyndaky sud ýeňişlerini şöhlelendirýär, Tähran bu sud seljerişligini ýazgaryp, onuň garşysyna halkara arenalarynda göreş alyp barýar.

Kanadanyň sudunyň kararyna görä, diplomatiýa dahylsyz aktiwlerden ybarat 13 million töweregi dollar Buenos Aýresde, Ysraýylda, Liwanda we Saud Arabystanynda 1983-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli bolan partlamalarda, zamun alyşlyklarda wepat bolan amerikanlaryň maşgalalaryna berler. Bu hüjümlerde ýüzlerçe adam öldi.

ABŞ-nyň sudlary ýaly, Kanadanyň Ontario ýokary sudy hem Eýrany «Hamaz» we «Hizbolla» agentlerine tälim bermekde we bu toparlary maliýe taýdan goldamakda jogapkär tapdy.

Emma ABŞ-nyň Ýokary sudunyň 2 milliard dollar töweregi eýran emläginiň pidalaryň maşgalalaryna gowşurylmagy baradaky karary umuman ýerine ýetirilmän galýar, sebäbi Tähran bu kararyň üstünden halkara sudlaryna şikaýat etjekdigini aýtdy.

"Terrorizm dünýäniň iň aýylganç howplarynyň biridir" diýip, Ontario Ýokary sudunyň sudýasy Glenn Hainey öz kararynda aýtdy.

Kanadadaky sud şikaýatlaryna degişlilikde täze, 2012-nji ýylda kabul edilen kanunlar esasynda seredildi,bu kanunlar pidalaryň maşgala agzalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini terrorçylygyň döwlet howandarlaryndan toplap almaga ygtyýar berýär.

Kanada Eýrany we Siriýany terrorçylyga howandarlyk edýän ýurtlaryň sanawyna goşýar.

Bu karar Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeaunyň liberal hökümetiniň Eýran bilen diplomatik gatnaşyklary gaýtadan gurmak, hiç bir aýyplama bildirmezden Tähranyň ýakasy gaýyşly Ewin türmesine dykylan montereally professor Homa Hoodfary azat etmek ugrunda tagalla edýän wagtyna gabat geldi.

Bu karar Eýranyň Ottawadaky diplomatik binalaryna täsir ýetirmedi, emma diplomatiýa dahylsyz birnäçe emläk we bank hasaplarynyň bir toparyndaky serişdeler Eýran tarapyndan goldanylýan toparlaryň pidalaryna berildi.

Tähran bu karara bada-bat reaksiýa bildirmedi.

Eýran başda bu jenaýat işine üns bermedi we diňe ABŞ-nyň sudlary öz kararlarynyň Kanadada hem berjaý edilmegini buýranyndan soň Torontoda bir kanun firmasyny hakyna tutdy.

XS
SM
MD
LG