Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pars şahyry Jelaletdin Rumynyň üstünde medeni dawa turdy


Jelaletdin Rumynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazar-e-Şarif şäherindäki ençeme bilbordundan diňe biri.
Jelaletdin Rumynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazar-e-Şarif şäherindäki ençeme bilbordundan diňe biri.

Meşhur pars şahyry we sopusy Jelaletdin Rumynyň medeni mirasy baradaky çekeleşikler onuň dogulmagyndan sekiz asyr soňra hem gutaranok.

13-nji asyryň ussat akyldarynyň eserleri bolan “Mesnewi manewileri” Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym, Bilim we Medeni toparynyň (UNESCO-nyň) sanawyna, Tähranyň we Ankaranyň umumy milli miras hökmünde girizmek üçin meýilnama işläp düzendigi baradaky maglumatlardan soň, Owganystanyň, Eýranyň we Türkiýäniň arasynda şahyryň goşgularyna eýe bolmak hukugynyň üstünde dawa döredi.

Bu waka Kabulda gahar-gazabyň döremegine sebäp boldy. 9-njy iýunda owgan hökümeti UNESCO-nyň wekiline ýüz tutup, daşary işler ministri Salahuddin Rabbaniniň üsti bilen Ankara öz nägileligini bildirdi.

Rumynyň doglan şäheri diýilýän Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda ýüzlerçe protestçileriň Tährana we Ankara öz nägileliklerini bildirmek üçin köçelere çykmasyna garaşylýar.

Owganystanyň Balh welaýatynda XIII asyrda Rumynyň doglandygy aýdylýan jaýyň galyndylary.
Owganystanyň Balh welaýatynda XIII asyrda Rumynyň doglandygy aýdylýan jaýyň galyndylary.

Rumy 1207-nji ýylda beýik Balh welaýaty diýlip atlandyrylýan ýerde, bu gün ýa Owganystanyň demirgazygynda ýa-da, bilermenleriň soňky çaklamalaryna görä, häzirki Täjigistanyň Wahş obasynda doglupdyr.

Ol çagaka ol sebitleri mongol basybalyjylarynyň basyp alandygy sebäpli häzirki Özbegistana, Eýrana, Yraga we Siriýa gitmeli bolýar. Ol 20 ýaşlaryndaka, okamak üçin Şamda uzak wagt galýar. Rumynyň iň soňky düşelgesi Türkiýe bolýar, ol ömrüniň köp bölegini şol ýerde geçirýär we 1273-nji ýylda seljuklaryň şäheri Konýada ýogalýar.

Jelaletdin Rumy şygyry, sazy we tansy dini amallar içinde utgaşdyrmakda tanalýar. Onuň eserleri Owganystan, Eýran we Täjigistan ýaly pars dilli ýurtlarda-da ýaýraýar. Ýöne soňky onýyllyklarda şahyr ABŞ ýaly başga-da birnäçe gaýry medeniýetli ýurtlarda-da tanalýar. Onuň kitaplary köp dillere terjime edilip, ol ýurtlarda hem “iň köp satylýan” şahyryň eserleri hökmünde tanalýar.

Diplomatik gazap

UNESCO-nyň Owganystandaky wekili Patrisia McPhillips guramanyň Pariždäki merkezine bu tema boýunça habardar etjekdigini aýtdy.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň sözçüsi Saýed Zafar Haşemi meşhur owgan ýazyjylaryna muny “dünýä ýaýmaga kömek ediň” diýip, olary Rumynyň mirasyny gaýtaryp almaga çagyrdy. Ol Twitter sosial ulgamyndaky hasabyndan “Rumy Balhda, Owganystanda doguldy, Türkiýede ýa-da Eýranda däl” diýip ýazdy.

Balhyň häkimi Atta Mohammad Noor Owganystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiline 9-njy iýunda ýazan hatynda, Rumyny göz öňünde tutup, Eýrany we Türkiýäni “Imperialistik” hereket etmekde aýyplap, şahyry öz welaýatynyň “guwanjy” diýip atlandyrdy.

Noor “Biz şol sebäpden sizden, UNESCO, Türkiýäniň we Eýranyň häkimiýetlerine protest bildirmegiňizi soraýan. Rumynyň ata watany bolan Balha beýle biperwaý seredilmegine göz ýummaň” diýip ýazýar.

Kabuldaky “Arman-e-Milli” gazetiniň 8-nji iýundaky sanyndaky sözbaşyda “Rumy biziňkidir. Türkiýe we Eýran ony bikanun ýollar bilen peýdalanmaly däldir” diýlen setirler ýazylypdyr.

Gazet öz baş makalasynda “Onuň medeni mirasy bütin adamzada degişli bolsa-da, ol dogduk mekanyna we atalaryna degişli bolup galýar” diýip ýazýar.

Owganystanyň prezidentiniň ozalky kömekçisi we ilçi Omar Samad Azatlyk Radiosyna, UNESCO-da Owganystanyň wekilçilik etmegini ýaramazlaşdyrmak bilen owgan hökümetiň “ýalňyşandygyny” gürrüň berdi.

Ol “Biziň köp wagtdan bäri UNESCO-da wekilhanamyz we wezipeli işgärlerimiz bardy, ýöne geçen ýyl Pariždäki ilçihanamyzyň bu jogapkärçiligi ýatyryldy. Bu sebäpli hem UNESCO-nyň Owganystany gyzyklandyrýan çylşyrymly meseleleriniň çözgüdine gezek gelende kynçylyklar döredi” diýýär.

XS
SM
MD
LG