Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trump immigrantlar üçin gadagançylygy wada berdi


Donald Trump, Nýu Hampşire, ABŞ, 13-nji iýun, 2016
Donald Trump, Nýu Hampşire, ABŞ, 13-nji iýun, 2016

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlik saýlawlarynda dalaşgäri bolmagy çak edilýän Donald Trump musulmanlaryň ABŞ barmagyna rugsat bermek meselesindäki berk pozisiýasyny ýene mälim etdi we gadagançylygyň Owganystandan, Pakistandan we Siriýadan barýan adamlara gönükdiriljekdigini aýtdy.

Trump Floridada ştatynda “Yslam döwleti” toparynyň tarapdarynyň 49 adamy öldürmeginiň ertesi 13-nji iýunda milli howpsuzlyk meselesi barada sözlän sözünde daşary ýurtly musulmanlaryň ABŞ barmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizmek üçin prezidentiň ygtyýarnamasyny ulanjakdygyny aýtdy.

Trump Floridada onlarça adamy öldüren 29 ýaşly Omar Mateeniň ene-atasynyň Owganystanda doglandygyny, geçen ýylda San Bernardinoda ok atyşygy amala aşyran we YD toparynyň tarapdary bolan adamyň Pakistandan onuň aýalynyň bolsa Saud Arabystanyndan bolandygyny belledi.

Trump ABŞ-nyň ýaranlary bolan şol ýurtlaryň özüniň teklip edýän immigrasion kanunyna garaşly boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG