Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türme şertlerini tankytlan gazet nyşana alynýar


"Ghanoon" gazeti
"Ghanoon" gazeti

Eýran gazeti Tährandaky tussaghana-düzediş edarasyndaky şertler barada çap eden tankydy makalasy üçin kanun jogapkärçiligine çekilmek howpuna uçrady, sebäbi baýry prokuror bu hili ýazgylaryň jemgyýetçilikde «umytsyzlyk duýgularyny» döredýändigini aýdýar.

Dolatabadi metbugatda «negatiw sözbaşylaryň we makalalaryň» köpdügini aýdyp,bu hili mazmunyň raýatlaryň arasynda «umytsyzlyk» we «alada» döremegine sebäp bolýandygyny belledi.

11-nji iýunda «24 sagat näletlenen» diýen at bilen çap edilen makala bir tussagyň tejribesine, ýagny onuň gysga wagtlyk karantindäki «elhenç başdangeçirmelerine» esaslanýar.

Makalada onuň tussag edilmeginiň sebäbi aýdyň bolman galýar.

Tähranyň prokurory Abbas Jafari Dolatabadi «Ghanoon» gazetiniň makalasynda aýdylýan zatlary «ýalan» diýip atlandyrdy we, ýurduň türme edaralarynyň ýazan şikaýaty esasynda, bu neşiriň baş redaktorynyň sud jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy.

Dolatabadi 14-nji iýunda çykyp gürläp,şular ýaly, raýatlaryň arasynda «umytsyzlyk» we «alada» döredýän «negatiw sözbaşylaryň we makalalaryň» köpdügini belledi.

«Ghanoon» gazetiniň makalasynda paýtagtyň günortasynda ýerleşýän tussaghanadaky tussaglara günde diňe iki sagat «ýaramaz hilli» suw berilýändigi aýdylýar.

Şeýle-de bu makalada ady aýdylmaýan tussaga salgylanyp, onuň we beýleki tussaglaryň tussaghananyň goragçylary tarapyndan masgaralanandygy, tussagyň eşikleriniň zibilhana atylmazdan öň bölek-bölek edip kesilendigi aýdylýar.

Ol özüniň gije boşadylandygyny, emma öz eşikleriniň, şol sanda açarlarynyň, sagadynyň we pulunyň hem özüne gaýtarylyp berilmändigini aýdýar.

Gazet tussagyň sözlerine salgylanyp, "onuň garaňky çölüň içinde, hiç hili pulsuz we plastik şypbykly, ötegçi maşynlaryň biri alyp gider-dä» diýlip, ýola taşlanandygyny ýazýar.

Eýranyň metbugaty ýygy-ýygydan döwlet senzurasy we döwlet häkimiýetleri tarapyndan ýapylmak haýbaty bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

«Ghanoon» gazeti 2014-nji ýylda mümkin bolan korrupsiýa aýyplamalary bilen tutulan adamyň, Yslam rewolýusiýasy gwardiýasynyň öňki agzasynyň we futbol klubynyň menejeriniň tussaghanadan boşadylandygy barada çap eden habary üçin wagtlaýyn gadagan edildi. Sud häkimiýetleri bu habaryň «ýalandygyny» aýtdylar.

XS
SM
MD
LG