Türkmenistan we Hytaý nebi-gaz ugrundan hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler, diýip Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň merkezi komitetiniň ýobaşçysy Song Taonyň Aşgabatda türkmen ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynyň yzýany media maglumatlarynda habar berildi.
Şeýle-de taraplar ykdysady gatnaşyklary artdyrmak boýunça gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistanyň senagat mümkinçiliklerini täzelemekde Hytaýyň tejribelerini ulanmak barada pikir alyşypdyr.
Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda partnýorydyr. Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy (CNPC) 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijiisi arkaly Merkezi Aziýa regionyndan gaz satyn alýar.
Media maglumatlaryna görä, Pekiniň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini ýylda 65 milliard kubometre ýetirmegine garaşylýar.
Eger ýurdtda aklowjyny ýada ýüristi öz hünär işi üçün türme basýan bolsalar onda ol döwletiň bahasy kör köpükdir!.