Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Steinmeier: Ýewropa parahatçylygy 'üýtgewsiz' däl


Frank-Walter Steinmeier
Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier «Ýewropanyň täze bölünişikler töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny» duýdurdy.

Steinmeier nasistik Germaniýanyň Sowet Soýuzyna çozmagynyň 75 ýyllygyny belleýän Orsýetde, Ukrainada we Belarusda çap edilen makalasynda Ýewropadaky parahatçylygyň «üýtgewsiz bir zat hökmünde kabul edilip bilinmejekdigini» aýtdy.

Şeýle-de ol NATO bilen Orsýetiň arasynda harby gapma-garşylyga derek diplomatik dialogyň ileri tutulmagyna çagyrdy.

Steinmeieriň makalasy 22-njii iýunda Orsýetiň«Kommersant», Ukrainanyň «Serkalo Nedeli» we Belarusyň «Sovetskaya Belorussiya» gazetlerinde çap edildi.

Steinmeier Orsýetiň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegini we gündogar Ukrainadaky separatist söweşijileri goldamagyny nazarda tutup, “halkara kanunlaryny we goňşy ýurtlaryň toprak bütewligini hormatlamagy başarman, serhetleri birtaraply üýtgetmek... bizi bir zaman gaçyp gutulan we hiç kimiň gaýdyp barmak islemeýän zamanasyna dolaýar» diýdi.

Steinmeier 18-nji iýunda NATO-nyň, öz gündogar çäklerinde harby maşk geçirmek bilen, «urşa meçew berýändigi» barada duýduryş edipdi.
Ol NATO-ny tälim maşklaryna derek Orsýet bilen has kän dialog we hyzmatdaşlyk gurmaga çagyrdy.

Steinmeier 19-njy iýunda, eger Kreml Ukraina babatdaky Minsk parahatçylyk plany boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny durmuşa geçirse, Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy girizen sanksiýalaryny ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmaly diýdi.

Şu aralykda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem Orsýetiň Döwlet dumasynda çykyp gürledi. Ol 22-nji iýunda, öz sözleri bilen aýtsak, NATO-nyň Orsýetiň serhetleriniň golaýyndaky agressiw hereketleri bilen gapma-garşy bolýan halatynda, Orsýetiň öz howpsuzlygy barada oýlanmaldygyny aýtdy.

«NATO öz agressiw ritorikasyny we öz agressiw hereketlerini eýýäm biziň serhedimiziň golaýyndagüýçlendirýär” diýip, Putin aýtdy. «Bu şertlerde biz ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak baradaky meseleleri çözmäge aýratyn üns bermeli» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Putin dünýä, halkara terrorçylygyna garşy durmak üçin, bar bolan ýaranlyklaryň çäginden daşarda bir howpsuzlyk sistemasyny döretmeli diýdi.

Ol şeýle howpsuzlyk sistemasyny döretmekde Orsýetiň «dialoga taýýardygyny» aýtdy.

Ýöne Putin Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegini goldanlyklary üçin, parlamentiň aşaky öýüniň deputatlaryny öwmegi hem ýatdan çykarmady.

XS
SM
MD
LG