Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratlar Kongresde protest bildirýärler


Demokratlar Kongresde protest bildirýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:20 0:00

Demokratlar Kongresde protest bildirýärler

ABŞ Kongresiniň aşaky öýüniň respublikanlary 23-nji iýunda demokratlaryň başlan 16 sagatlyk oturma protestlerini 5-nji iýula çenli arakesme etmek bilen soňlamaga çalyşdylar.

Wekiller öýüniň demokratlaryrespublikanlaryň kontrollygyndaky Kongresiň kanun çykaryjylarynyňOrlandodaky geý klubynda bolan gyrgynçylykdan soň teklip edilen ýarag gözegçiligi kanun taslamasyny sese goýýançalar, Amerikanyň 4-nji iýulda bellenilýän garaşsyzlyk gününe çenli arakesmä çykmagyna rugsat bermejeklerini aýtdylar.

Ruspublikan kanun çykaryjylar demokratlary gijäniň ýarynda gapyl basjaga çalym etdiler.

Olar kesgin ýagdaýda, hiç bir çekişmesiz, Zika wirusyna garşy göreşi maliýeleşdirmäge çagyrdylar we kanun çykaryjylaryň sessiýasyny 4-nji iýula çenli soňa goýdular.

Emma demokratlar öz protestlerini, wideokameralar, çyralar ýa-da sessiýa bolmasa-da, dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.

Wekiller öýüniň demokrat lideri Nancy Pelosi «Olaryň çykyp gitmegi biziň muny jogap hökmünde kabul etmelidigimizi asla aňlatmaýar» diýdi.

Biraz öň, protestler 23-nji iýunyň irki sagatlaryna çenli uzaldylanda, 100çemesi kanun çykaryjy palatynyň haly düşelen polunda oturyp, respublikanlaryň spikeri Pol Raýanyň tertip-düzgüne çagyryşyna gygyrmak bilen jogap berdiler.

Bu galmagally sahna demokratlaryň mobil telefonlary arkaly daşaryk çykdy we, ýarag kontrollygyna garşy çykaýan respublikanlar köpçüligi kongresiň kameralaryny öçürdenlerinden soň,C-SPAN tarapyndan alnyp göterildi.

Demokratlar kongres binasynyň esasy telefon nomerlerinisosial ulgamlardaky media sahypalarynda ýerleşdirip, goldawçylaryny twitter arkaly, #NoBillNoBreak – kanun taslamasy bolmasa, arakesme hem ýok diýen çagyryşa goşulmaga ruhlandyrdylar.

22-nji iýun güni giçlik, oturmak arkaly bildirilýän protest 10 sagada aralaşandan soň, Raýan tribuna çykyp, tokmagyny kakyp, sessiýanyň adaty işler boýunça ses berişligini dowam etdirmäge synanyşdy.

Emma demokratlar "No bill, no break!", ýagny kanun taslamasy bolmasa, arakesme ýok diýip gygyryp, ellerindäki kagyzlary, ýarag pidalarynyňatlary ýazylan kagyzlary galgatdylar

Raýan elindäki tokmagyny kakyp, kanunçylyk gün tertibini yglan etmäge synandy, emma demokratlar "Shame! Shame! Shame!", ýagny “utanç, utanç» diýip gygyrdylar we raýat azatlygy döwrüniň protest aýdymyny, «Biz üstün çykmaly» diýen aýdymy aýtdylar.

Bu Kongresiň adaty iş düzgüninden kesgin başga bir ýagdaýa geçmekdi.

Demokratlar özleriniň güman edilýän terrorçylara, şol bir wagtda ýolagçy uçarlarynda uçmasyz edilenleriň sanawyna girizilen, ýagny gözegçilikde saklanylýan raýatlara ýarag satylmagynyň öňüni almak baradaky talaplaryna gulak asylmagyny isleýärler.

Orlandoda awtomatik ýarag bilen 49 adamy öldüren atyjy, gyrgynçylykdan birnäçe gün öň, hüjüm ýaragyny satyn alypdyr. Ýogsam bolmasa, ol 2013-nji we 2014-nji ýyllarda şonuň ýaly gözegçilik sanawyna hem girizilen eken.

"Biz bu ýerde bir çäre görülýänçä oturan ýerimizi boşatmaly däl» diýip, raýat hukuklarynyň weteran lideri John Lewis aýtdy.

Lewis respublikanlaryň ýarag gözegçiligi baradaky kanun taslamasyny sese goýmakdan boýun gaçyrmaklarynyň demokratlary özüniň hem-de beýlekileriň 1960-njy ýyllarda ulanan oturma protestlerini dikeltmeklerine mejbur edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG