Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudy Arabystanynda üç bomba partladyldy


Medine şäherinde Muhammet pygamberiň jaýlanan metjidiniň daşyndaky haç zyýaratçylary. 4-nji iýul, 2016 ý.
Medine şäherinde Muhammet pygamberiň jaýlanan metjidiniň daşyndaky haç zyýaratçylary. 4-nji iýul, 2016 ý.

Saud Arabystanynda yslamyň bir mukaddes mekanynyň golaýynda bolan partlamada dört sany howpsuzlyk işgäri öldi. Ýurduň ýene iki şäherinde biri bir şaýy metjidiniň, beýlekisi hem Amerikanyň konsulhanasynyň golaýynda iki hüjüm amala aşyryldy. Bularyň koordinirlenen hüjümler bolmagy mümkin diýlip gorky edilýär.

Içeri işler ministrligi 4-nji iýulda Medine şäherindäki metjidiň daşynda bolan partlamada ýene bäş adamynyň ýaralanandygyny aýtdy. Muhammet pygamberiň mazarynyň gapladynda ýerleşýän bu metjide ýylda haj saparynda tutuş dünýäden millionlarça adam zyýarata barýar.

Ministrligiň aýtmagyna görä, hüjümçi howpsuzlyk işgärleri şübheleneninden soň bombany awtoulag goýulýan ýerde ýerleşdiripdir. Partlamada ençeme awtoulag ot alyp, müňlerçe zyýaratçy metjidiň töweregindäki köçelere ýygnandylar.

Hüjümleriň hiç biriniň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

Bolan partlamalar musulmanlaryň mukaddes oraza baýramyna gabat geldi. Öten hepde hem Türkiýede, Bangladeşde we Yrakda bolan bambaly hüjümleri "Yslam döwleti" atly toparyň amala aşyrandygy aýdylýar.

Hüjümleriň hemmesi musulmanlaryň Eid al-Fitr baýramyna gabatlap amala aşyrylana meňzeýär.

Saudy telekanaly partlamadan sanlyjy sagat soňra müňlerçe adamynyň metjitde gorky-ürküsiz namaz okap oturanyny görkezdi.

Ýurduň gündogarynda ilatynyň aglabasy şaýylardan durýan Katif şäherinde hem bir şaýy metjidiniň golýanynda bir ýa iki partlama boldy.

Howpsuzlyk güýçleriniň metbugat wekili bu barada köp maglumat barmän, bombany partladanyň we ýene iki adamynyň şahsyýetleriniň anyklanandygyny aýtdy. Bölek-bölek bolan jeset janyndan geçen bombaçynyň jesedi bolmaly.

Katifde bolan parlamadan soňraky ýagdaýy görkezýändigi aýdylýan sosial ulgamda ýaýran wideoda gaharly märeke we ýerde gana bulaşyp ýatan bir jeset görünýär.

Ondan birnäçe sagat öň hem Saud Arabystanynyň ikinji şäheri bolan Jeddede Birleşen Ştatlaryň konsulhanasynyň golaýynda bolan partlamada janyndan geçen hüjümçi öldürilip, iki adam ýaralandy.

Howpsuzlyk işgärlerinň biri hüjümçiniň bombany partlatmazdan öň konsulhananyňyň we bir metjidiň golaýynda awutoulagyny goýandygyny aýdýar.

Häkimiýetler hüjümçiniň kimdigini anykladylar. Ol aýaly we maşgalasy iblen şol şäherde ýaşan 34 ýaşy pakistanly sürüji Abdullah Kalzar Han.

Bir amerikan resmisiniň bildirmegine görä, Jeddede bolan partlamada Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna ýa konsulhananyň işgärlerine ýeten zyýan ýok.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi General Mansour al-Turkiniň "Al-Ehbaria" telekanalyna aýtmagyna görä, partlama Amerikan konsulhanasyndan metjide has ýakyn ýerde bolupdyr.

Hüjümleriň hiç biriniň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmasa-da, içeri işler ministrligi "ýoldan azaşan elementler" diýip, "Yslam döwleti" atly jeňçi topara güman edilýändigini bildirdi.

"Yslam döwleti" 2014-nji ýylyň ortalarynda Saud Arabystanynda bombaly we ýaragly hüjümleri amala aşyrdy. Bu hüjümlerde nyşana alnanlar köplenç ýurduň şaýy azlygy we howpsuzlyk gulluklary bolupdy.

Öten ýyl Katfde şaýy metjidiniň töwereklerinde janyndan geçen hüjümçileriň partladan bombalary netijesende onlarça adam ölensoň polis işgärleri bilen ýerli meýletinçiler metjidi goramak üçin howpsuz çärelerini güýçlendirdiler. Öten ýyl başga bir metjitde bolan parlamada hem 15 adam öldi.

XS
SM
MD
LG