Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar


Türkmenistanyň we Hytaýyň baýdaklary
Türkmenistanyň we Hytaýyň baýdaklary

Türkmenistanyň prezidenti öz ýurdunuň Hytaý bilen ykdysady partnýorlygyny ýaýbaňlandyrmak üçin ýörite programmany işläp düzmegi tabşyrdy.

Türkmen hökümetiniň sişenbe günki beýannamasyna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň çäginde taýýarlanmagy teklip edilýän programmada energetika, transport, ösen tehnologiýalar boýunça aragatnaşyklara esasy üns beriler.

Bu mesele Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komitetiniň ýanyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň hepdäniň başynda Aşgabatda geçirilen dördünji maslahatynda gozgaldy.

Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda partnýory we türkmen gazynyň esasy hyrydarydyr. Halkara Walýuta Fondunyň maglumatyna görä, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň möçberi 8,65 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

2009-njy ýylda işe girizilen umumy bahasy 6,5 milliard dollarlyk Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi ýylda 40 milliard kubometr gazy geçirmäge ukyply.

XS
SM
MD
LG