Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada howa hüjüminde '11 raýat wepat boldy'


Eid al-Fitr baýramçylygy, gozgalaňçylaryň elindäki Douma şäheri, Siriýa
Eid al-Fitr baýramçylygy, gozgalaňçylaryň elindäki Douma şäheri, Siriýa

Siriýa boýunça gözegçilik topary ýurduň demirgazyk-günbatarynda kime degişlidigi näbelli uçaryň “Al-Kaýda” bilen bagly toparyň gözegçiligindäki şähere eden hüjümleriniň netijesinde azyndan 15 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny habar berdi.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň maglumatyna görä, “Al-Nusra fronty” atly söweşiji toparyň we ýaran gozgalaňçy toparlaryň elindäki Darkuş şäherine howadan edilen hüjüm zerarly 40 adam ýaralanypdyr.

Guramanyň başlygy Rami Rahman “azyndan 15 adam wepat boldy, olaryň arasynda bir çaga we alty zenan bar” diýdi.

6-njy iýulda Siriýanyň hökümeti Remezan aýyny soňlaýan Eid al-Fitr baýramçylygynda ok atyşygyň bes edilmegine milli derejede gözegçiligiň ediljekdigini aýdypdy.

Siriýada 2011-nji ýylda başlanan graždan urşy zerarly azyndan 280 müň adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG