Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýlyk köpeler


Gyzlardan pul dileýän işsiz
Gyzlardan pul dileýän işsiz

Türkmenistanyň prezidenti geljek ýylyň ýanwaryndan aýlyklary 10 prosent köpeltmek baradaky karara gol çekdi.

Türkmen mediasynyň anna güni beren maglumatyna görä, prezident G.Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, stipendiýalaryň möçberlerini ýokarlandyrmak baradaky permana gol çekdi.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň iýulynda geljek ýylyň ýanwaryndan aýlyklaryň 10 prosent köpeldilmegi baradaky karara gol çekilýär.

Şol bir wagtda, inflýasiýanyň derejesi, harytlaryň we hyzmatlaryň näçe gymmatlandygy barada aýdyň maglumatlar çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG