Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Güleniň ekstradisiýa edilmegi üçin delil gerek


 Jon Kerri
Jon Kerri

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 16-njy iýulda Obama adminstrasiýasynyň Güleniň ekstradisiýa edilmegi baradaky talaba seretjekdigini, emmaWaşingtonyň bu talaby diňe ruhanynyň agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyna açyk subutnama bolan ýagdaýynda ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Kerri 16-njy iýulda Lýuksemburgda çykyp gürläp, Türkiýe entek Güleniň ekstradisiýa edilmegini resmi görnüşde talap etmedi diýdi.

Şeýle-de Kerri Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusogla "başa barmadyk döwlet agdarylyşygynda Birleşen Ştatlaryň ol ýa-da beýleki rolunyň bolandygy barada jemgyýetçiligiň içinde kakdyrmagyň ýa gürrüň etmegiň düýpden dogry däldigini we biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza zyýanlydygyny aýtdy" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 16-njy iýulda Stambulda bolan ýygnanyşykda çykyp gürlände, ABŞ resmileriniň 1999-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Güleni yzyna, Türkiýä ibermeklerine çagyrdy.

Gülen Erdoganyň ozalky ýarany bolup, häzir türk prezidentiniň awtoritar dolandyryşynyň berk tankytçysydyr.

XS
SM
MD
LG