Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan terrorçylyga garşy operasiýalara başlady


Gazak polisiýa ofiseri. 18-nji iýul, 2016 ý.
Gazak polisiýa ofiseri. 18-nji iýul, 2016 ý.

18-nji iýulda Gazagystanyň söwda paýtagty Almatyda ýaragly adamlaryň polisiýa merkezine hüjüm edip, azyndan üç polisiýa işgärini we başga-da birnäçesini ýaralandygy habar berlenden soň, häkimiýetler “gyzyl” duýduryş çykaryp, ýaşaýjylary öýlerinden çykmazlyga çagyrdylar.

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi wakada üç polisiýa ofiseriniň we parahat ilatdan bir esgeriň öldürilendigini tassyklady.

Ýerli media serişdesiniň berýän maglumatynda hüjümçileriň polisiýa merkezine we Milli Howpsuzlyk komitetiniň (KNB) ýerli departamentine hüjüm edendigi habar berilýär.

Ýerli media ýene bir sebitde ok atyşygy bolandygy barada habar berýär, emma bu baradaky maglumatlar heniz hem nätakyklygyna galýar.

Hüjümçileriň azyndan bir sanysy tussaghana alnyp gidildi.

Şeýle-de, ýaralananlaryň arasynda parahat ilatdan ýaşaýjylaryň hem bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG