Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA: Gerekli ädimler ädiler


Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko.
Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko.

18-nji iýulda ýaýradylan hasabatda Moskwa tarapyndan üsti örtülen ýüzlerçe doping wakasynyň arasynda orsýetli on çemesi futbolçynyň bardygy hem yglan edilenden soň, Halkara futbol federasiýasy FIFA bu babatda “gerekli ädimleriň ädiljekdigini” wada berdi.

FIFA, Bütindünýä Anti-doping agentliginiň (BADA) hasabatynda Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutkonyň futbolçylaryň arasyndaky derňew işiniň üstüni örtmegi tabşyrandygy baradaky öňe sürmelere gös-göni komentariý bermedi. Mutko BADA-nyň synçy geňeşiniň agzasydyr.

Kanadaly aklawçy Riçard MakLareniň awtorlygynda çykarylan BADA-nyň garaşsyz hasabatynda aýdylmagyna görä, Moskwa ýüzlerçe türgeniň we futbolçynyň doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjyny ulanandygyny ýaşyrdy.

FIFA “BADA-dan MakLareniň hasabatynda agzalýan orsýetli her bir futbolçynyň doping işi bilen baglanyşykly jikme-jik maglumatlary sorajakdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG