Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: 'Komsomolskaýa prawda' ýapyldy


“Komsomolskaýa prawda" gazetiniň täjikler barada çap eden makalasy, 21-nji iýul, 2016.
“Komsomolskaýa prawda" gazetiniň täjikler barada çap eden makalasy, 21-nji iýul, 2016.

Täjik hökümeti Orsýetiň “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň täjik dilindäki görnüşini ýatyrdy we neşirde çap edilen bir makalada “kemsidijidi” maglumatyň çap bolandygyny belledi.

Gazetiň täjik dilinde çap edilmegine jogapkär Şarif Hamdampur “bu karar biziň “Komsomolskaýa prawda” gazetiniň habarçysy Sergeý Ponomarýowyň ýakynda çap eden makalasyna reaksiýamyzy görkezdi” diýdi.

Ponomarýowyň makalasynda Täjigistan "Rawşanlaryň we Jamşudlaryň" ýagny täjik işçi migrantlaryny häsiýetlendirýän we Orsýetde meşhur komediýa filminiň ýaňsylanýan gahrymanlarynyň ýurdy atlandyryldy, diýip Hamdampur aýtdy.

“Täjigistan: Hor-homsy sowet durmuşyndan ýagty gelejege tarap” atly makala “Komsomolskaýa prawda” gazetinde geçen hepde-de çap edilipdi.

Hamdampur “makala täjikler üçin kemsidiji we göwne degiji boldy we şonuň üçin biz gazetiň çap edilmegini togtatmak kararyna geldik” diýip Duşenbede geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Hepdede bir gezek çap bolýan 5000 sanly gazet Duşenbäniň we beýleki şäherleriň ors dilli ilatynyň arasynda meşhurdy.

Bir milliondan gowrak täjik migranty Orsýetde zähmet çekýär.

XS
SM
MD
LG