Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan müňden gowrak mekdebi ýapdyrýar


Ýapylýan mekdepler Fethulla Gülen bilen ilteşikli bolmakda güman edilýär.
Ýapylýan mekdepler Fethulla Gülen bilen ilteşikli bolmakda güman edilýär.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan güman edilýänleriň käbiriniň aýyp bildirmezden saklanylmak möhletini 30 güne çenli uzaltdy we 1000-den gowrak hususy mekdebi ýapmagy buýurdy diýip, resmi beýanatda aýdylýar.

Erdogan 21-nji iýulda, agdarylyşyga gatnaşmakda güman edilýänleri tutmak üçin döwlet ygtyýarlyklaryny güýçlendirmek maksady bilen, üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilýändigini jar etdi.

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni prezidente we hökümete, ilki parlamente geňeşmezden, kanun kabul etmäge we hukuklary hem azatlyklary çäklendirmäge, togtatmaga ygtyýar berýär.

Ilkinji karar 1,043 hususy mekdebi, 1,229 sahawatlylyk fonduny, 19 profsoýuz birleşigini, 15 uniwersiteti, 35 medisina institutyny ýapmagy buýurýar.

Ýapylýan mekdepler we guramalar 15-nji iýuldaky harby agdarylyşyk synanyşygyny planlaşdyrmakda aýyplanan ruhany Fethulla Gülen bilen ilteşikli bolmakda güman edilýär.

XS
SM
MD
LG