Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistanyň gümrük tölegini artdyrmagyna garşy çykýar


Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky Sarahs serhet geçelgesi
Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky Sarahs serhet geçelgesi

Eýran Türkmenistanyň eýranly ýük ulaglar üçin tranzit salgytlaryny galdyrmak boýunça ýakynky kararyna jogap berer, diýip Eýranyň tranzit we serhet boýunça resmisi Mohammad Jawad Atrçiana salgylanyp, Iran.ru neşri habar berýär.

“Eýranyň transport serişdelerine gönükdirilen bu çäre iki taraplaýyn transport ylalaşyklaryna ters gelýär we elbetde Tähranyň hem Aşgabadyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklara täsir ýetirer, diýip neşir eýran resmisiniň sözüni sitirleýär.

Şeýle-de maglumatda Türkmenistanyň öz çäresini öňünden duýdurmazdan 8-nji awgustda güýje girizendigi bellenip, “biziň diplomatlarymyz bu karara garşylyk bildirdiler we şuňa meňzeş çäreler Eýranda türkmen ýük ulaglary babatynda hem ulanylar”, diýlip eýranly resminiň sözünden sitata getirilýär.

Eýranyň resmileriniň Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda bar bolan söwda-ykdysady gapma-garşylyklary aradan aýyrmak maksatly Aşgabatda söwda merkezini açmak isleýändigi 5-nji awgustda media maglumatlarynda habar berilipdi.

Regnum agentligi Tähranyň Söwda öýüniň Senagat komitetiniň başlygy Mehdi Purgajynyň bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam bermegi sorap, türkmen hökümetine ýüz tutandygyny habar beripdi.

Käbir maglumatlara görä, Türkmenistanyň we Eýranyň onlarça müň ýük ulagy iki ýurduň territoriýalaryndan geçýär.

XS
SM
MD
LG