Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” öz ýolagçylaryny iň köp garaşdyrýan şirket


“Türkmenhowaýollary” şirketiniň uçary
“Türkmenhowaýollary” şirketiniň uçary

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” uçarlarynyň gijä galmagy boýunça öňe saýlandy.

“BBC news” agentliginiň Britaniýanyň graždan awiasiýa resmileriniň 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2016-njy ýylyň mart aýyna çenli döwürüne degişli maglumatyny öwrenip, çap eden sanlaryna görä, “Türkmenhowaýollary” uçuşlaryny san taýdan iň köp yza tesdiren şirket bolup, öz ýolagçylaryny görkezilen wagtdan ortaça hasap bilen 70 minut artyk garaşdyrypdyr.

Hususan-da, “Türkmenhowaýollarynyň” London-Aşgabat aralygynda amala aşyran 259 sany reýsini jemi 19302 minut gijä galyp amala aşyrypdyr. Bu sanyň her uçaryň orta hasapdan bir sagat we 15 minut gijä galmagyny görkezýändigi maglumatda bellenýär.

Türkmenistanyň 1992-nji ýylda düýbi tutulan “Türkmenhowaýollary” döwlet awiakompaniýasynyň uçarlary Beýik Britaniýanyň London we Birmingem şäherlerine gatnaýar.

XS
SM
MD
LG