Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çykanlaryň ýerine saýlaw geçirilýär


Türkmenistan boýunça mejlise täze 7 deputat saýlanmaly.
Türkmenistan boýunça mejlise täze 7 deputat saýlanmaly.

Türkmen metbugaty 21-nji awgustda Türkmenistanda mejlis deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriniň ozal çykyp giden agzalarynyň orunlaryna saýlawlaryň geçiriljekdigini habar berýär.

Türkmenistan boýunça mejlise täze 7 deputat saýlanmaly, halk maslahatlaryna 34, geňeşlere bolsa 122 agzanyň saýlamalydygy aýdylýar.

Uçastoklar boýunça döredilen saýlaw komissiýalary 21-nji awgustda ir sagat 7-den sagat 19-a çenli işlär diýip, döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty habar berýär.

XS
SM
MD
LG