Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň sudy rus esgerini ömürlik tussaglyga höküm etdi


Orsýetli esger Waleriý Permýakow
Orsýetli esger Waleriý Permýakow

Ermenistanyň sudy orsýetli esgeri ermeni maşgalasynyň ýedi agzasyny öldürmekde günäli tapdy we ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Ermenistanyň demirgazyk-gündogarynda Orsýetiň harby galasynyň golaýynda ýerleşýän Gumri şäheriniň sudy orsýetli esger Waleriý Permýakow baradaky kararyny 23-nji awgustda yglan etdi.

Ermenistanyň prokurory Permýakowyň günäsi tassyklansa ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etmegi sorapdy.

2015-nji ýylyň ýanwar aýynda maşgalanyň öldürilmeginden soň Permýakow Gumriniň golaýyndaky harby bazany birugsat terk edipdi. Ol ermeni-türk serhediniň golaýynda tussag edilipdi.

2015-nji ýylyň awgust aýynda Orsýetiň harby sudy Permýakowy gulluk edýän ýerini terk etmekde günäli tapdy we ony 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Yzýany Permýakow adam öldürmek bilen bagky aýyplamalar bilen baglylykda Ermenistanyň häkimiýetlerine tabşyrylypdy.

XS
SM
MD
LG