Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rio oýunlary Moskwa üçin ‘ahlak taýdan ýeňiş’ boldy


Dariýa Klişina.
Dariýa Klişina.

Rioda geçen tomusky Olimpiada oýunlarynda Orsýetiň alan medallary 1912-nji ýylda Stokgolm oýunlaryndakydan bärde gazanylan medallaryň iň azy bolsa-da, dürli toparlara degişli resmiler we bilermenler ony Moskwa üçin ýeňiş ýa-da iň azyndan, ahlak taýdan ýeňiş diýip atlandyrdylar.

Oýunlara taýýarlanan delegasiýasynyň köpüsine doping skandaly sebäpli ýaryşa gatnaşmaga ýol berilmedik Orsýet alan medallarynyň sany boýunça Birleşen Ştatlardan, Beýik Britaniýadan we Hytaýdan soňra dördünji orny eýeledi. Orsýet Sowet Soýuzy çökeli bäri geçen bäş tomusky Olimpiada oýunlarynda ortaça hasap bilen 78.8 medal alan bolsa, onuň bu gezek alan medallarynyň sany 56 boldy. Bularyň 19-y altyn.

Şu ýagdaýy nazara alyp, “Moskowsky Komsomolets” gazeti mundan oňaýly netije çykardy. Orsýetiň dördünji orny altyn medal babatynda 2012-nji ýylda Londondaky bilen deň hasaplap: “biz ajaýyp netijeler gazandyk” diýip ýazdy.

Beýlekiler bolsa, mundan hem aňry geçip, Günbataryň orsýetli sportçylary doping meseleleri bilen garalap, ýurduň şu Olimpiadany sabotaž etmek synanyşygyny nazara alanyňda, gazanylan netijeler uly ýeňiş diýdiler. Käbir adamlar hem gazanylan netijeleri Orsýetiň ozalky oýunlarda aldawa ýüz urmandygynyň subutnamasy edip görkezdiler.

“Ýeňişlerimiziň doping bilen baglanyşykly däldigini görkezdik”

Döwlet Dumasynyň daşary işler komitetiniň başlygy Alekseý Puşkow orsýetli sportçylaryň 117-siniň Rio ýaryşlaryna gatnaşdyrylmanlygy sebäpli ilkinji nobatda Bütindünýa anti-doping agentligi WADA-ny, Halkara Olimpiada komitetini, atletika federasiýalarynyň halkara bileleşigi IAAF-i nyşana alyp, Tweeterde: “Edilen ägirt uly basyşlara, IAAF-iň masgaraçylykly kararyna we WADA-niň ýowuz pirimlerine garamazdan, biziň spotçylarymyz Rioda ýalkymly netijeleri görkezdiler” diýip ýazdy. “WADA-nyň ýolbaşçylary näçe tagalla etseler-de, Orsýetiň 2016-njy ýylky oýunlaryny dargadyp bilmediler. Iň möhümi hem, biz ýeňişlerimiziň doping bilen baglanyşykly däldigini Rioda görkezdik”.

Premýer-ministriň orunbasary Dmitriý Rogozin Germaniýanyň “Bild” gazetini Orsýeti özüniň medallar sanawyndan çykaranlygy üçin berk tankytlady.

Gazet WADA-nyň ‘doping programasy Orsýetde döwlet tarapyndan goldalýar’ diýmegi netijesinde, bu ýurdy özüniň medallar sanawyna goşmazlygy wada edipdi.

Rogozin Facebook sahypasynda sanawyň suratyny ýerleşdirip: “Bir gazetiň okyjylaryny akmak hasaplan pursaty. Bu ýazyjysumaklaryň 1945-nji ýylda öz ýurtlarynyň ikinji hormat ornuna gowşandygyny ýazan bolmagy ähtimal” diýip ýazdy.

Orsýetiň “Derňew komitetiniň” sözçüsi Wladimir Markin “LifeNews” saýtynda aşa watançylyk pikirini orta atyp, Birleşen Ştatlaryň “uruş partiýasynyň” prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, Orsýeti medallardan mahrum etmek üçin doping skandalyny oýlap tapandygyny ileri sürdi.

“Orsýet utduranok, ol şahsyýetini görkezdi”

Markin netije çykaryp: “Şol sebäpden Rioda kimiň utandygy ýa utulandygy baradaky soragyň jogaby belli: Orsýet utduranok, ol şahsyýetini görkezdi. Okeanyň aňyrsyndakylar, giň gerimli prowokasiýanyň başyny başlanlar bolsa özleriniň soňkuja hormat we ygtybarlaryny ýitirdiler. Häzirki dünýäde iň möhüm zat bolan at-abraýlaryny ýitirdiler” diýip ýazdy.

Wladimir Solowýowyň Orsýetiň döwlet telekanalyndaky programmasynda ýurduň oýunlarda gazananlary taryplanyp, Günbatar tankytlandy.

Syýasy analizçi we žurnalist Dmitriý Kulikow 21-nji awgustda şeýle diýdi: “Biz Krym sebäpli, Siriýa sebäpli, Amerikanyň gegemoniýasyna garşydygymyz sebäpli WADA-nyň üsti bilen jezalandyrylýarys. Olar bizi söweş meýdanynda jezalap bilenoklar. Olar bu ýurdy jezalarys öýdüp, başga bir ýeri tapdylar. Siziň üstüňiz bilen” diýip, studianyň zalyndaky sportçylara salgylandy.

Ol soňra: “1980-nji ýylda amerikanlar bassyr-ýussursyz boýkot yglan edipdiler. Ýöne bu gezek göni herekete geçmekden gorkdular. Olar WADA bilen geldiler! WADA-nyň arkasynda gizlendiler” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Sport tükeniksiz skandallardan üstün çykdy”

Kulikow görkezen gujur-gaýratlary üçin sportçylara minnetdarlyk bildirip, tomaşaçylar tarapyndan alkyşlady.

Solowýow hem: “Biziň sportçylarymyzyň gazanan her bir medaly Orsýetiň duşmanlaryna, biziň döwletimizi ykrar etmejek bolýanlara garşy göni atylan daş” diýdi.

Döwlet telekanaly “Westi TW” duşmana öwrülen dogan Ukrainanyň altyn medal hatarynda 30-njy bolmagyny bu ýurduň 25 ýyllyk garaşsyzlyk döwründe gazanan iň “erbet”netijesi diýip suratlandyrdy.

“Komsomolskaya Prawda” gazeti: “Her niçik-de bolsa, oýunlaryň iň möhüm netijesi sportyň tükeniksiz skandallardan üstün çykanlygy” diýip ýazdy. Soňra hem Orsýetiň sportçylaryna ýaryşa gatnaşmak gadagan edilmedik bolsady, Orsýet ikinji orundaky Britaniýanyň ýerini alardy diýen çaklamany öňe sürdi.

Täsirli söwda gazeti “Wedomosti” bolsa ünsi ýurduň içine gönükdirip, prezident Wladimir Putin indi sport ministri Witaliý Mutkony işden çykararmy diýen soragy orta atdy.

“Eho Moskwy” radiosynyň işgäri Wladimir Warfolomeýew ýaly orsýetli librallar bolsa: “Olimpiada ahyrsoňy tamamlandy. Skandallar, syýasy gykylyklar oýunlardan galan täsirlere çynlakaý zyýan ýetirdi” diýip, rahatlyk bilen dem aldylar.

XS
SM
MD
LG