Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Parlamentiň başlygy Sergeý Naryşkini ýurduň daşary aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy wezipesine belledi.
Putin bu barada 22-nji sentýabrda Naryşkin we Gullugyň ozalky başlygy Mihaýil Fradkow bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.
Putin Naryşkina “Russiýa abanýan howplaryň öňüni wagtynda almagyň möhümdigini” aýdypdyr.
61 ýaşly Naryşkiniň 1980-nji ýyllarda SSSR-iň Brýusseldäki ilçihanasynda sowet aňtaw gullugy üçin işländigi aýdylýar. Naryşkin Putiniň uzak wagtlyk ýaranydyr.